Saglyk — iň uly baýlyk

4 Oktýabr 2023
595

Saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak arkaly ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan kemal tapan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipelere laýyklykda, hemmetaraplaýyn düýpli özgertmeler ulgamy tutuşlygyna gurşap aldy. Şonuň netijesinde lukmançylyk işine dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylyp, uly üstünlikler gazanyldy.

Döwlet derejesinde edilýän aladalaryň, berilýän goldawlaryň netijesinde paýtagtymyzda Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygy dowam etdirilip, Halkara iç keselleri, Halkara «Ene mähri» we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça işler ýerine ýetirilýär. Halkara pediatriýa, Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň we Stomatologiýa merkeziniň düýbi tutuldy. Derman senagaty ösdürilip, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri çykarýan kärhanalar döredilýär. Keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça öňdebaryjy tejribeler milli saglygy goraýyş ulgamyna giňden ornaşdyrylýar.

Nazmeňli Durdygylyjow,
welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň bäbekler bölüminiň müdiri.