Başymyzyň altyn täji

4 Oktýabr 2023
583

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky wagtda keselleriň sanynyň, görnüşiniň artmagy saglygy goraýyş işgärleriniň, alymlaryň ünsüni çilime, çilimkeşlige çekdi. Barlaglar keselleriň döremegine, esasan, çilimiň sebäp bolýandygyny, onuň tüssesinde iki müňe golaý birleşme bolup, olaryň kyrka golaýynyň adamyň saglygy üçin has howp salýandygyny ýüze çykardy. Çilim çekýän adam temmäki tüssesi bilen bilelikde sinil kislotasyny, kömürturşy gazyny, myşýagy, kükürtli wodorody, ammiagy, efir ýagyny, benzipireni, has erbedi hem poloniý ýaly radioaktiw elementleri we adam bedenine zyýanly bolan beýleki himiki maddalary öz endamyna siňdirýär. Nikotin agzyň, burnuň, aşgazanyň, içegeleriň, öýkeniň nemli bardalary tarapyndan özleşdirilýär we bütin bedene ýaýraýar. Umuman, temmäki önümleri adam bedeniniň ähli agzalaryna zyýanly täsir edýär.

Raýatlaryň temmäki önümlerini ulanmagynyň öňüni almak we oňa bagly bolan raýatlary bejermegiň häzirki zaman usullaryny giňden öwrenmek, çilimi taşlamagyň usullaryny öwretmek, temmäki önümleriniň howply täsiri barada ilat arasynda giňden wagyz-nesihat işlerini ýerine ýetirmek maksady bilen, 2021-nji ýylda «Ynam» merkezini döretmek barada Düzgünnama tassyklanyldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bolşy ýaly, welaýatymyzyň narkologiýa hassahanasynda hem «Ynam» otagy döredildi. «Ynam» merkezimiz raýatlaryň ýüztutmalaryny aýan etmezden maslahatlary we hyzmatlary mugt ýerine ýetirýär. Raýatlar tarapyndan berlen soraglara anyk jogap berlip, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek maslahat berilýär.

Leýla BATYROWA,
welaýat Narkologiýa hassahanasynyň baş lukmanynyň orunbasary.