Ata Watanymyz Türkmenistan dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürýär. Häzirki wagtda şeýle hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda ýakyn goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. Şu jähetden, Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen köpugurly häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly üns berýär. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk edilip, olaryň hukuk binýady yzygiderli berkidilýär. Muňa iki döwletiň Baştutanlarynyň özara saparlary we olaryň çäklerinde geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler hem-de gol çekilen döwletara, hökümetara we pudagara resminamalar aýdyň şaýatlyk edýär.
Soňky ýyllarda türkmen-eýran gatnaşyklary has-da täzeçe many-mazmuna eýe bolýar. Muňa köptaraplaýyn gatnaşyklar, hususan-da, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň durnukly ösüşi, iki ýurduň Merkezi Aziýa we Hazarýaka sebitlerinde amala aşyrýan geljegi uly iri taslamalary doly güwä geçýär. Bu taslamalar bolsa energetika we ulag ulgamlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.