Saglyk — baky bagtlylyk

20 Sentýabr 2023
406

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly göreldesi bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny goramakda uly işler alnyp barylýar.

Güýz paslynda howanyň temperaturasynyň sowamagy sebäpli, islendik keselden, şol sanda ýiti respirator keselinden goranmak örän möhümdir. Möwsümleýin döreýän ýiti respirator keseli bilen ähli ýaşdaky adamlar, esasan, kiçi ýaşly çagalar köp keselleýär. Kesel syrkawdan sagdyn adama howa-damja ýoly bilen ýokuşýar hem-de, esasan, birmeňzeş kliniki alamatlary, ýagny gyzdyrma, üşütme, burun dykylma, kellagyry, ysgynsyzlyk ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Kesel ýokuşandan soň birnäçe sagatdan 2 güne çenli wagt aralygynda güýçlenip başlaýar.

Güljan BEKIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň redaktory.