Güýzüň gelmegi bilen

20 Sentýabr 2023
591

Güýz paslynyň gelmegi bilen adam bedeninde birnäçe üýtgeşmeler bolup geçýär. Şol sebäpli bu döwürde sagdyn iýmitlenmek, iş bilen dynç alşy sazlaşdyrmak we pasla görä dogry geýinmek zerur bolup durýar. Pasyl çalyşmagy sebäpli ýüze çykýan möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak maksady bilen, şu günler her birimiz şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmelidiris.

Paslyň talabyna laýyk geýniň! Mörjewleriň bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin hökman derlediji, ýokumly içgileri kabul etmeli. Aýratyn hem Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlar şypalydyr. Olaryň düzüminde, hususan-da, C askorbin turşusy bar. Narpyzly çaý, ary bally we limonly, böwürsleniň hem-de ýertudananyň mürepbesi goşulan çaýlar hem peýdalydyr. Bular bilen bir hatarda gündelik iýmitiňizde gök önümleri, miweleri, et we süýt önümlerini kabul etmegi endik ediniň!

Tamara MEHREMOWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.