Arassaçylyk saglygyň girewi

19 Sentýabr 2023
627

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň türkmen halkyna bolan egsilmez söýgüsi, Watanymyzyň ajaýyp ösüşlerinde, durmuşa geçirilýän tutumly işlerinde aýdyň duýulýar. Ýurdumyzyň çar ýanynda sport desgalarynyň, toplumlarynyň gurulmagy, seýilgählerde, çagalar baglarynda çagalaryň bedeniniň berkemegine, aňynyň ösmegine oňaýly täsir edýän oýnawaç görnüşli enjamlaryň oturdylmagy döwletimiziň ýaş nesil hakdaky aladasynyň aýdyň mysalydyr. Bu ugurda Arkadag şäherinde Saglyk öýleriniň, hassahanalaryň gurulmagy we olaryň dünýä döwletleriniň iň kämil lukmançylyk enjamlary hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilmegi ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek barada bimöçber tagallalaryň edilýändiginden habar berýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýändiklerini görkezýär.

Önümçilikde, öý hojalygynda, ulag serişdelerinde we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda medeniýet näçe ýokarlandygyça, şäher hem-de oba ilaty üçin öndürijilikli işlemäge, medeniýetli dynç almaga şert döreýär. Ilatly ýerleriň sanitariýa medeniýetini saklamak arassaçylyk bilen ykjam baglanyşyklydyr. Bilermenler bir ýylda her bir adamdan 650 kilogram töweregi hapanyň, ýuwundynyň, beýleki taşlandylaryň hem-de zir-zibilleriň artýandygyny aýdýarlar. Taşlandylar, zir-zibiller öz wagtynda ýygnalmasa we dogry saklanmasa ol ýaşaýyş jaýlaryny, topragy, howany, ýerasty suwlary hapalaýar, ilatly ýerleriň arassaçylyk ýagdaýy ýaramazlaşýar.

Saparmuhammet ORAZOW,
Arkadag şäheriniň saglyk müdirliginiň baş pediatry.