Sahawatda sogap bar

19 Sentýabr 2023
926

Mähriban çagalar, parasatly pederlerimiz milletimiziň taryhy ömür ýolunyň dowamynda ynsana mahsus ajaýyp häsiýetleriň ençemesini kämilleşdirip, biziň döwrümize ýetiripdirler. Mätäje haýyr-sahawat etmek, ýetime goltgy bermek ynsany bezeýän, il-halkyň arasynda sylag-hormata ýetirýän şol häsiýetleriň naýbaşylaryndan bolupdyr. Haýyrdan haýyr tapan dana halkymyz: «Haýyr dile goňşyňa, rysgal gelsin aşyňa», «Haýyr etseň, bitin et», «Haýyr — bereket, nur — rehmet», «Haýyr işi Hudaýam goldarmyş» ýaly aýtgylaryň ençemesini döredipdir.

Adamlaryň agzybirligini pugtalandyrýan, bir-biregi bilen ysnyşdyrýan, zerura goldaw-hemaýat etmeklerine giň ýol açýan haýyr-sahawatlylyk nusgawy şahyrlarymyzyň nazaryndan-da sypmandyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy ýetime güler ýüz, mümkinçiligiň bolsa tagam-duz bermegi, gamgyn kişilere ýagşy söz aýtmagy, durmuşda hemaýat etmegi, eger hemaýat etmäge mümkinçiligiň bolmasa, köňül içre niýetiňi ýagşa tutmagy ündeýär. Nusgawy şahyrymyz Şeýdaýy bolsa öz döwrüniň barly-barjamly adamlaryna gönümel ýüzlenip: «Baý bolsaň kylgyl sahawat» diýýär. Şeýle pikirleri beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliklerinden-de isledigiňçe tapmak mümkin.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
žurnalist.