Arkadagyň ýoly — abadançylygyň ýoly

19 Sentýabr 2023
717

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda ähli ugurlarda bolşy ýaly, halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde hem netijeli işler alnyp barylýar. Olaryň hatarynda sebiti ösdürmegiň bähbidine gönükdirilen işler hem barha oňyn häsiýete eýe bolýar. Munuň şeýledigini golaýda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy ýene bir ýola aýdyň görkezdi. Ýokary derejede geçirilen taryhy sammitiň yzysüre Gahryman Arkadagymyzyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy halkymyzyň kalbyny çäksiz guwanja besledi. Milli Liderimize hormat agzybir, jebis milletimize hormatdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň sebitde parahatçylygy, abadançylygy, ylalaşyklylygy ösdürmekde bitiren ägirt uly hyzmatlaryna, amala aşyran tutumly taslamalaryna berlen mynasyp bahadyr, belent ykrarnamadyr.

Milli Liderimiziň tagallalary netijesinde, Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary strategik derejä çykaryldy. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň pugta binýady goýuldy. Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň münberinden öňe süren Merkezi Aziýany parahatçylygyň hem-de ynanyşmagyň zolagyna öwürmek bilen baglanyşykly oňyn başlangyçlary gyzgyn goldaw tapdy. Bularyň ählisi sebitiň umumy bähbidini nazarlamak bilen, röwşen geljege hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda, Araly halas etmegiň halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde çuňňur manyly çykyş edip, öňe süren asylly başlangyçlary Gahryman Arkadagymyzyň ak ýolunyň — abadançylyk, parahatçylyk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk ýolunyň mynasyp dowam etdirilýändigini tassyklady.

Ýusup IŞANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.