Il saglygy - ýurt baýlygy

15 Sentýabr 2023
492

Mähriban adamlar, eziz ildeşler!

Häzirki wagtda güýz paslynyň gelmegi bilen, günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, kabul etmegiňizi, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmegi maslahat berýäris. Burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy kabul etmegi hem unutmaň! Mundan başga-da, maşgala lukmanlary bilen maslahatlaşyp, keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny almagyňyzy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.