Sepgitde saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

15 Sentýabr 2023
586

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak we olaryň öňüni almak üçin keselleriň geçip biläýjek ýollary barada habarly bolmak zerurdyr.

Möwsümleýin ýokançlaryň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende howa damja ýollary bilen geçýär. Wiruslar bedene aralaşandan soň, keseliň döremegi adamyň immun ulgamyna bagly bolýar. Eger-de adamyň keselden goraýjylyk (immun) ulgamy ýokary bolsa, bedeniň wirusa garşylygy hem ýokary bolýar. Bedeniň immun ulgamy gowşak bolanda, wirus ýokuşan gününden başlap, birnäçe wagt geçenden soňra, keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlaýar. Kesel umumy ysgynsyzlyk, gyzgynyň ýokarlanmagy, kelle agyry, bokurdagyň nemli bardalarynyň gyzarmagy, gijemegi hem-de burnuň dykylmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykýar. Keseli bejermek üçin dürli antibakterial dermanlary özbaşdak kabul etmek näsagyň ýagdaýynyň beterleşmegine, bedeniň immun ulgamynyň peselmegine, şeýle-de bedende witamin ýetmezçiliginiň ýüze çykmagyna getirip biler.

Maýagözel NURJYKOWA,
Aşgabat şäherindäki 6-njy Saglyk öýüniň baş lukmany.