Altyn güýzüň önümleri

14 Sentýabr 2023
601

Pasyllaryň hersiniň meňzetmesi bar. Şolaryň içinden ala-böle güýzüň altyna meňzedilmeginiň sebäbini bilseňem, muny başga-da kän-kän zatlar bilen baglanyşdyrasyň gelýär. Mysal üçin, güýzüň altynlygyny bu pasylda saglyk üçin iň gymmatly, zerur miweleriň, gök we bakja önümleriniň ýetişýändigi bilenem delillendiresiň gelýär. Sebäbi ol önümleriň her biri biziň iň uly baýlygymyz bolan saglygymyzyň berkemegine ýardam edýär. Güýzüň peşgeşi bolan gök önümlerdir miweleriň düzümi dürli ýokumlara baýdyr. Onsoň şeýle arzyly önümleri bagyş edýän güýzi gymmatlyk saýman bolarmy?!

Nar. Güýzüň datly miweleriniň biri-de nardyr. Düzümindäki aminokislotalar, marganes, demir, tanin, natriý, fol turşusy, kaliý... ýaly gymmatlyklar nary saglygymyzyň iň ygtybarly goragçylarynyň birine öwürýär. Daş görnüşi-de juda owadan nar nerw we iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini gowulaýandygy, ýüregagyry howpuny azaltmaga ýardam edýändigi, bedenden toksinleri çykarýandygy bilen hem gymmatlydyr.

Maýa BERDIÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.