Peýdaly maslahatlar

14 Sentýabr 2023
575

Güýz paslynyň gelmegi bilen,  günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin pasla görä geýinmegi, Gahryman  Arkadagymyzyň  «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary  maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp kabul etmegi unutmaň.

Şeýle-de şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berjaý etmegi, burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmagy, witaminlere baý gök önümleri we milli tagamlarymyzy   kabul etmegi, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny  almagy maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.