Saglyk — baş baýlyk

12 Sentýabr 2023
478

Güýz paslynyň gelmegi bilen tebigy şertler üýtgäp, howada çigrek peýda bolýar. Günüň säher hem-de gijara çaglarynda howa salkynlaýar. Güýz howasy tiz-tizden üýtgäp durýan häsiýete eýedir. Irden salkyn, günortan yssy, öýläne baka adaja şemal öwsüp, howa ýene serginlemek bilen bolýar. Adamlara bu üýtgäp durýan howa durumyna öwrenişmek kynrak düşýär. Şu sebäpden adam bedeni üýtgäp durýan howa durumyna gowşaýar.

Güýz günleri ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak hem-de saglyk ýagdaýyňy gurplandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport bilen meşgullanmaly, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeli. Şeýle-de sagdyn bolmak üçin dogry we kadaly iýmitlenmegiň hem uly ähmiýeti bardyr.

Jeren GURBANÝAZOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş okuw ylmy merkeziniň Bäbekleriň anesteziologiýa we reanimasiýa bölüminiň lukmany.