Çalsana, bagşy!

12 Sentýabr 2023
544

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Paýtagtymyzdan we welaýatlarymyzdan bäsleşige gatnaşan bagşylar onda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen dutar ýasamak senetçiligini, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatyny dünýä wagyz etmekde, milli aýdym-sazlarymyzy halkara giňişligine ýaýmakda zehin-başarnyklaryny görkezdiler.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk toýunyň şatlyk-şagalaňyny goşalandyryp, watandaşlarymyzyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göteren çäräniň soňunda ýeňijilere Şa serpaýlary gowşuryldy.

«Türkmen dünýäsi».