KALPLARY GÜN KIMIN ÇOÝÝAN SUNGAT

11 Sentýabr 2023
416

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ine, şeýle ýatdan çykmajak, her bir zenanyň kalbyny mähir-muhabbet bilen gurşap alan, tolgundyryjy wakalaryň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy, Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyklary bilen ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gelip, türkmen halkynyň käbesi, maşgala mukaddesliginiň naýbaşy nusga mekdebini döreden Ogulabat ejemiziň işen alajalaryny we olary işmek üçin niýetlenen iş guralyny geljekki nesillere ýetirmek üçin döwlet muzeýine tabşyrdy.

Bu taryhy hem-de ýatdan çykmajak pursatda her bir zenan ýaş nesle el işlerini öwretmegi özüne mukaddeslik hasaplap, maşgala gymmatlygynyň düýp manysydygyna ýene bir mertebe göz ýetirendir. Soňra Arkadagly Serdarymyzyň käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowa agtyjyklary bilen ruhy we maddy medeniýetiň ojagy, ýüzlerçe gymmat bahaly haly eserleriniň hazynasy bolup durýan Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördi. Bu ýere ýurdumyzyň dürli künjeklerinden getirilen, çeperçilik gymmaty we tehniki taýdan taýýarlanyşy boýunça örän seýrek tapylýan baý gymmatlyklar toplumy jemlenipdir.

Gülşat ÝUSUPOWA
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory