Guýmagursak zehin

7 Sentýabr 2023
398

Köpden bäri milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran bagşy-sazandalaryň ömri we döredijiligi bilen içgin gyzyklanyp gelýärin. Ýakynda köpýyllyk döredijilik gözleglerim öz döwründe guýmagursak zehini bilen giňden tanalan bagşy doganlar Nursähet hem-de Jumasähet Halsähedowlaryň nebereleriniň döwletli ojagyna alyp geldi.

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda eneden doglan Nursähet Halsähedow heniz oglan mahaly çopan taýagyny dutar edinip, aýdyma hiňlener ekeni. Onuň özünden kiçi Orazsähet, Baýsähet, Begsähet, Jumasähet atly inileri bolupdyr. Nursähet Nabat atly gyza öýlenip, olaryň maşgalasynda Näzikjemal, Nartäç, Durdynäzik, Ogulsuraý, Miwe we Hojamuhammet atly çagalary dünýä inipdir.

Annadurdy GURBANDURDYÝEW,
Sakarçäge etrabynyň Gorgangala geňeşliginiň ýaşaýjysy.