Wäşilikde özüni aldyran

7 Sentýabr 2023
662

Ol ejemiň daýysydy. Onuň ýüzi mydama gülüp, okara ýaly ullakan gara gözleri oýnaklap duransoň, «Ine, häzir bir gülkünç zat aýdar-ow» diýen pikir kelläňe urardy. Giň howlynyň gapysyndan girdigi, salamdan soň bir zatlar diýip degşerdi, ýomak aýdardy, soňra bolsa onuň bolşuna haýran galyp, biri-birine gysmyljyrap gülüp duran çagalaryň başlaryny sypap, hallaryny sorardy.

— Hany, geliň, ýegeniň (ol ejeme şeýle diýip ýüzlenerdi) gizläp goýanja süýjülerinden hezil edip iýeliň — diýip, gyzykly gürrüňler bilen çaý başynyň lezzetini artdyrardy. Ol gaýtjak bolanda ýene-de basym-basymdan gelmegini arzuwlardyk.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.