Täze teatryň täze spektakly

6 Sentýabr 2023
382

1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasy esasynda «Köňüller kelamy» atly sahna oýny görkezildi. Guba düýesine Magtymgulynyň diwanyny satyn alan kişiniň söwdasynyň oňmagyndan wagtyhoş bolmagy, kynçylyklara ýan bermän kitaby okap bilmek üçin oba ýaşlarynyň hat okamagy öwrenmekleri hem-de diwanyň ýaş žurnalist tarapyndan göçürilip, halk köpçüligine ýaýylmagyny suratlandyrýan epizodlar tomaşaçylarda uly täsir döretdi. Bu sahna oýny halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyraga bolan çäksiz buýsanjy açyp görkezdi.

Nowruz ÝEGENMYRADOW.
«Arkadag».