Ömrüni sungata bagyşlan ussat

6 Sentýabr 2023
496

Çagalyk döwrümizde obamyzdaky klubda görkezilýän çeper filmlere höwes bilen tomaşa ederdik. Hasam türkmen kinolaryny halardyk. Olarda oýnaýan gahrymanlary içgin tanamasagam, «Japbaklar», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Döwranyň başdan geçirenleri», «Gämiçiniň jany bir», «Derýanyň aňyrsy serhet» ýaly filmlerdäki artistleriň gülküli hereketleri çagalyk döwrümiziň iň süýji ýatlamalaryna öwrülipdi. «Şasenem-Garyp» kinofilmi mende aýratyn täsir galdyrypdy. Şasenemiň ejesiniň — şa aýalynyň keşbi häli-häzirlerem göz öňümde dur. Şol artiste bolan söýgim, hormatym iňňän ýokarydy.

Ine, şol artistiň öz obadaşymyzdygyny, esengululy zenandygyny bilip, men guş bolup uçaýjak bolupdym. Ussat artist, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, ýarym asyrdan gowrak döredijilik ýoluny türkmen aýdym-saz, opera, kino sungatyna bagyş eden Annagül Annagulyýewanyň halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatynyň bimöçberdigine diýseň buýsandym.

Muhammetzewire Täçmämmedow,
Esenguly etraby.