Çaganyň şikes almagyndan ägä boluň!

6 Sentýabr 2023
717

Çagalaryň arasynda duş gelýän şikeslenme we onuň öňüni almak iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Çagalaryň şikes almagy dürli-dürli bolsa hem, köplenç, onuň döremeginiň sebäbi birmeňzeşdir.

Oýnalýan meýdançanyň oňaýsyz bolmagy, çaganyň ünssüzligi, ene-atanyň gözegçilik etmezligi, oýun oýnalanda ýa-da sport bilen meşgullanylanda, ýalňyş hereket edilmegi netijesinde çagada şikeslenme döreýär. Bilesigelijilik, köp hereketlilik, ruhy-emosional ýagdaý hem şikes ýetmelere getirip bilýär. Bu bolsa çagalaryň dürli şikesleri almagyna sebäp bolýar.

Ýoldaş JUDAKOW,
welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň trawmatologiýa-ortopediýa bölüminiň lukmany.