Jennetden ýer alan üzümler

6 Sentýabr 2023
448

Güýz aýlarynda bişýän behişdi miweleriň biri-de üzümdir. Häzirki günlerde Günüň şöhlesine bal ýaly süýjäp bişýän üzümleriň dürli görnüşleri ak bazarlarda tapdyrýar. Onuň jana şypasy, ynsan saglygyna peýdasy uludyr.

Üzüm örän ýokumly miwe bolmak bilen, ynsan saglygyny berkitmekde ähmiýetli hasaplanylýar. Onuň miwesiniň guradylan we gaýtadan işlenilen görnüşi-de has kän peýda berýär. Meselem, üzüm kişmişi aşgazana, bagra, dalaga we böwrege ýaramlydyr. Ondan taýýarlanylan şireler hem ganazlygy bejermekde we beýniniň işjeňligini artdyrmakda örän haýyrlydyr.

Gülendam GÖKÖWA,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.