Erte şu günden başlanýar

5 Sentýabr 2023
530

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň gurluşygynda lukmançylyk-saglyk ähmiýetli binadyr desgalara aýratyn üns berilmegi halkymyzyň saglygy babatda döwlet derejesinde uly aladalaryň edilýändigini görkezýär. Şeýle hem, belläp geçsek, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde näsaglygy ir — başlangyç tapgyrda ýüze çykarmak, bejermek hem-de gözegçilik etmek boýunça netijeli çäreleri işläp düzmäge möhüm ähmiýet berilýär.

Aslynda, mekdep ýaşyna çenli döwür çagalaryň fiziki saglyk ýagdaýyna baglylykda, adamyň häsiýetiniň kemala gelýän iň bir möhüm döwri bolup durýar. Şoňa görä-de, çagalar 3 — 6 ýaş aralygynda çagalar bagynda terbiýelenýär. Umumybilim mekdep düzgünnamasyna laýyklykda, körpeler 6 ýaşda okuwa kabul edilýär. Şu jähetden, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde okuw-terbiýeçilik we sagaldyş işlerini geçirmek üçin oňaýly şertler döredilýär, döwrebap çagalar baglary, mekdeplerdir beýleki möhüm maksatly desgalar gurlup ulanmaga berilýär.

Saparmuhammet ORAZOW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň baş pediatry.