Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy

4 Sentýabr 2023
975

Ahal welaýaty, 2-nji sentýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki döwürde Milli Liderimiziň ähli ugurlar boýunça başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň we her bir raýatyň saglygy baradaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda belent sepgitlere ýetildi hem-de bu işler üstünlikli dowam etdirilýär.