Ýaşlyk joşguny

31 Awgust 2023
560

25-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde guramagynda geçirilýän telebäsleşigiň deslapky etrap, welaýat tapgyrlarynda üstünlik gazanyp, jemleýji tapgyra çykmagy başaran aýdymçy ýaşlar merjen şäheriň kalbyňy joşdurýan nurana agşamynda özleriniň şirin aýdymlary bilen tomaşaçylaryň göwnüni göterdiler. Bäsleşikde 12 sany ýaş aýdymçynyň ýerine ýetiren aýdymlaryna eminler topary mynasyp baha berdiler.

Isa HOJAMERDANOW,
«Edebiýat we sungat».