Halkyň ruhy hazynasy

30 Awgust 2023
449

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde eziz Diýarymyzda medeniýet ulgamynda belent sepgitlere ýetilýär. Halkyň ruhy hazynasy bolan, köküni gadymyýetden alyp gelýän milli medeniýetimiz we sungatymyz ajaýyp zamanamyzda täze röwüşlere beslenýär. Döwrüň belent ruhuny wasp etmekde, halkymyzy täze-täze üstünliklere ruhlandyrmakda medeniýetiň we sungatyň uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Şunuň bilen birlikde, berkarar döwletimizde muzeý gymmatlyklaryny, milli mirasymyzy ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak babatda tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleriniň arasynda halkara medeni hyzmatdaşlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar. Bu gatnaşyklar bolsa halkary dostlaşdyrýar we ysnyşdyrýar, tejribe alyşmaga, halklaryň köpöwüşginli medeniýetleri bilen giňden tanyşmaga mümkinçilikleri döredýär. Medeni gymmatlyklarymyzyň ençemesiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli däplere, asylly ýörelgelere sarpa goýýan ýurdumyzyň, halkymyzyň abraýyny belende göterýär.

Aýbölek Köçekowa,
Gyzylarbat şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.