Köptaraply zehin

30 Awgust 2023
376

Günbe-günden ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir şöhratly ýylynda bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem toýlarymyz toýlara, baýramlarymyz baýramlara ulaşyp, olarda ýaňlanýan şirin aýdym-sazlarda eziz Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, durmuşa geçirilýän taryhy özgertmeleriň, tebigat gözellikleriniň waspy belentden ýetirilýär. Şeýle aýdym-sazlary ezberlik bilen ýerine ýetirýän ýaş zehinlerimiziň sanardan köpdügi bolsa, aýratyn guwandyryjy ýagdaýdyr. Aýdym aýtmaga çagalykdan başlap, özüniň mahmal owazy bilen adamlaryň göwünlerinde ýer almagy başaran ýaş zehinleriň biri-de Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülsoltan Saparowadyr.

Köptaraply zehin bäş ýaşyndaka çagalar we ýetginjekler döredijilik öýündäki ýaş suratçylar gurnagyna gatnap başlaýar. Surat çekmek boýunça geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýar. Gülsoltan soňra tarada keteni dokamaklygy öwredýän, şeýle-de aýdym-saz gurnaklarynda hem tälim alyp ugraýar. Zehinli gyzy aýdym-saza bolan höwesi welaýat çagalar sungat mekdebiniň «Teatr» bölümine alyp gelýär. Ol bu bölümi tapawutlanan bahalar bilen tamamlaýar. Onuň zehinli okuwçylaryň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiklerine gatnaşybam baýrakly orunlara mynasyp bolandygyny bellemek gerek.

Aýnagül Berdigylyjowa,
welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy.