Daşky gurşawy goramak borjumyzdyr

30 Awgust 2023
1274

Ata Watanymyz tebigy özboluşlylygy, ösümlik, haýwanat dünýäsi, daglarydyr düzleri, sährasy, deňizdir derýalary bilen aýratyn tapawutlanýar, olar özara sazlaşygy emele getirýär. Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty esasy ugurlaryň biri bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatynda uly işler amala aşyrylýar. Şeýle hem bu ugurda täze kanunlar taýýarlanylýar, hereket edýän kanunlar döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilýär. Olardan «Ösümlikleri goramak hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, kanunçylyk namalarynyň birnäçesini görkezmek bolar.

Ekologiýa abadançylygy howanyň arassalygyny üpjün etmegi, şäherleri gurşap alýan gök zolaklary ösdürmegi, suw, ýer we tokaý serişdeleriniň berk goragyny döretmegi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamagy öz içine alýar. Ýurdumyz dünýäniň iri halkara guramasy bolan BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýasynyň tarapdary bolup, biologik dürlüligi gorap saklamak, ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, Hazar deňziniň gurşawyny arassa saklamak boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde uly işjeňlik görkezýär. Şeýlelikde, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly sebitleýin we halkara guramalar bilen ýakyn hyzmatdaşlyk saklaýar.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».