«7/24 tm» № 34 (169) 21.08.2023
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we beýleki giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde, ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda lukmançylyk, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk ugruna degişli täze düzümler gurlup ulanylmaga berilýär. Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat», Balkan welaýatyndaky «Mollagara» we «Awaza», Daşoguz welaýatyndaky «Daşoguz», Lebap welaýatyndaky «Farap», Mary welaýatyndaky «Baýramaly» hem-de Aşgabat şäherindäki «Berzeňňi» şypahanalary raýatlaryň saglygyny berkitmekde möhüm orun eýeleýär.