Halypalaryň sarpasy

17 Awgust 2023
561

14-nji awgustda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde halypa nakgaş Ýewgeniýa Adamowanyň we ussat heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýewiň döredijiligine bagyşlanan ýatlama sergisi açyldy. Ý.Adamowanyň halkymyzyň milli däp-dessurlaryna bagyşlap, «Täze aýdym», «Türkmen eneleri — Watana», «Enelik bagty», «Dutar barada söhbet» ýaly işleri sungat muşdaklarynyň söýgüli eserlerine öwrüldi.

Heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew «Garaşmak», «Arzuw», «Şahyr Nurberdi Pommanyň portreti», «Kompozitor Nury Halmämmedowyň portreti» ýaly işleri we ahalteke bedewlerimize bagyşlap döreden heýkelleri bilen giňden tanaldy. Sergide olaryň muzeýiň gaznasynda saklanylýan işleri ýaýbaňlandyryldy.

Laçyn TOSYÝEWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni.