Duýguly dünýäniň aşygy (oçerk)

17 Awgust 2023
545

Ol durmuş wakalaryny howlukman, sadalyk bilen gürrüň berýär. Gürrüňdeşlik çagalyk ýyllaryna ýetende, ýüz-gözi nurlanyp, mähir çaýylan ýaly bolýar. Dagy näme, gulpajygyňy tasadyp, obanyň özüň ýaly deň-duş gyzjagazlary bilen depäniň üstüne çykyp, läle kakyşyň, monjugatdy oýnaýşyň, ulugyz çykanyňda, eliňe küýzäňi alyp, çeşme suwuny almaga gideniňde, biraz salymlygam bolsa, gopuzyňy alyp, sährany ýaňlandyryp, joralaryň bilen gopuz çalşyň, öňüňden ýigit çyksa, gabaklaryňy aşak goýberip, sülmürän bolşuň...ömürboýy göreçleriňde galýan ýakymly pursatlar ahyryn. Onsoň, olary ýatladygyňça, ýüzüňe şatlyk nury çaýylyberýär.

— Daşoguz ili gaty şahandaz. Bir ýere üýşülende, ýomak atyşyp, degişmek, şirin labyzly bagşylaryň dilinden dessanlary diňlemek mahsus. Has hem dessan diňlänimde, ondaky gahrymanlaryň keşbine nädip girip gidenimi bilmezdim. «Ýusup — Züleýha» dessanyndaky Ýakup pygamberiň, «Şasenem — Garypdaky» Garybyň ejesi Abadanyň keşpleri meniň ýadymda ömürlik galdy. Ol gahrymanlar barada diňlänimde, gözümiň ýaşyny saklap bilmezdim — diýip, halypa ýatlaýar.

Ogulbaýram REJEPOWA.