Ýaýlada ýaňlanýan owazlar

17 Awgust 2023
519

Garagum sährasynyň gujagyna seýrana çykyp, gözelligine maýyl bolanlar bilýändirler. Onuň öz dünýäsine maýyl eýleýän, mähremlik paýlaýan ylahy berlen şirin owazy bardyr. Guşlaryň saýraýşyndan, sazak-selinleriň we gaýry müňbir görnüşli ot-çöpleriň adaja şemala baş yraýyşlaryndan, sähra bezegi bolan goýun-geçileriň mäleýşinden, çopan-çoluklaryň ulaglarynyň uzaklardan eşidilýän seslerinden düzülen sazlaşykly owazlar garyşýar-da, Garagumda hemişe mähribanlyk mukamy ýaňlanýar. Ýaýlanyň bu şirin owazy kalbyna siňen ynsan ony hemişe küýseýär. Sähranyň goýnunda kemala gelen çarwa çagalary ene hüwdüsiniň dowamyny ýaýlada diňleýär.

Şu keremli topraga ata-baba göbek gany daman Sary Gulgeldiýew hem ýaşlykdan şol owazlara maýyl boldy. Çagalyk döwürleri agalary bilen mal bakýarka, sährada ýaňlanýan owazlar bilen teşne kalbyny gandyrdy. Ahal welaýatynyň Derweze obasynda köp çagaly maşgalada kemala gelen Sary Gulgeldiýewiň ýaşlykdan hemrasy aýdym-saz boldy. Toý sowup ýören bagşy bolmasa-da, kakasynyň dutar çalyp, aýdym-sazdan başy çykmagy, inisi Annanyň hem bu ugra höwesekligi Sary üçin uly goldaw boldy. Ol öýlerindäki dutary elinden düşürmezdi. Şeýdip oglanlykdan obada tutulýan toýlarda çykyş edip başlady. Sarynyň ýerine ýetirýän aýdymlaryny halk köpçüligi gyzgyn garşylady. Soňlugy bilen ol döwrebap saz gurallarynyň ýanynda-da aýdym aýtdy, akkordeon saz guralyny hem edindi.

Begenç BAÝNEPESOW,
Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 86-njy orta mekdebiň mugallymy.