Medeni diplomatiýanyň üstünlikleri

17 Awgust 2023
444

Garaşsyzlyk türkmen halkyna beýik Pyragynyň arzuwlan berkarar döwleti bilen birlikde, şöhratly taryhyna, dünýä halklarynyň medeniýetleriniň arasynda aýratyn orny bolan medeniýetine  buýsanmaga, guwanmaga we olary öwrenip, dünýä ýaýmaga-da çäksiz mümkinçilikler döretdi. Medeniýeti gojaman taryhyň özi ýaly gadymyýete kök uran halkymyzyň şol maddy, medeni we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakda ynsanperwer ulgamdaky halkara hyzmatdaşlyklaryň ähmiýeti uludyr.

Ýurdumyz 1993-nji ýylyň 17-nji awgustyndan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasydyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyna 30 ýyl dolýar.

Kakabaý AMANMYRADOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň bölüm müdiri.