Gün şöhlesinden goranmak

17 Awgust 2023
508

Tomus paslynda Günüň gyzmagy bilen adamlar öz saglygyna has-da eserdeň garamaly bolýarlar. Bu döwürde bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, dem alşyň kynlaşmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Şonuň üçin bu döwürde möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlara eýermek hökmandyr. Ilki bilen, şeýle ýagdaýda her bir adam bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmelidir. Haýsydyr bir keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, özbaşdak derman serişdelerini ulanmazdan, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmalydyr.

Kadaly iýmitlenmek tomus paslynda saglygy saklamagyň esasy düzgünleriniň biridir. Bu meselede gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmalydyr. Tomus paslynda iýlip-içilýän zatlara iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriň öňüni almak nukdaýnazaryndan çemeleşmek dogrudyr. Iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplary dogry berjaý etmeli. Olary söwda merkezlerinden satyn almak hem-de öý şertlerinde talabalaýyk saklamak, görkezilen möhletine laýyklykda ulanmak hökmanydyr. Bu döwürde kakadylan şöhlat önümlerini ürç edip iýmekden saklanmalydyr.

Sapargül HANMÄMMEDOWA,
Aşgabat şäheriniň 11-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.