Garramazlygyň syry

17 Awgust 2023
1215

Adam garrasa-da, göwni garramaýar. Ýaşlyk ýyllarynyň arzuw-hyýallary, joşguny bilen ýaşaýar. Şol ýyllardaky güýç-kuwwatyna daýanmak isleýär. Ýöne tebigat öz hökümini ýöredýär, wagtyň geçmegi bilen, adamyň bedeni garramak bilen bolýar. Eýsem, bedeniň garramazlygynyň öňüni nädip almaly? Ilkinji nobatda, bedende garraýan öýjükleriň ýok edilmegi üçin göreşmeli. Munuň üçin ýaş bilen bagly keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýan dowamly sowuklamadan, semizlikden goranmaly. Şeýle hem dogry iýmitlenmek, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek, alma, ýertudana, sogan ýaly önümleri köpräk iýmek, ortaça kaloriýaly, tebigy önümleri gündeki iýmitiňde ulanmak semizligiň öňüni almaga hem-de köne öýjükleriň ýok bolmagyna kömek edýär. Bu endigi gündelik durmuş kadasyna öwürýän adamyň ömrüniň 75 göterimi oňa baglydyr.

Halkymyzda uzak ýaşamagyň dermany bilen bagly bir tymsal hem bar. Onda şeýle diýilýär:

Taýýarlan Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.