Şamar gara saçlaryň

17 Awgust 2023
517

Zenanlara özboluşly, aýratyn gelşik berýän zat onuň saçydyr. Elbetde, tebigy reňki, sagdyn öwüşgini bilen owsun atyp duran saçyň gelşigi başga. Eýsem, saça gündelik durmuşda nähili ideg etmeli?

Ene-mamalarymyz saçy hepdede bir gezek ýuwmak ýeterlik diýýärler. Hünärmenler hem muny dogry hasaplaýarlar. Sebäbi saç aşa köp ýuwlanda, saçyň esasyny düzýän we reňkini emele getirýän korteks maddasy düzümini ýitirip, saçyň düşmegine we döwülmegine getirýär. Gury saç berk bolsa-da, çyglylyk onuň güýjüni alýar. Emma saçyň görnüşine görä, saçy her bäş günden hem ýuwmak bolar.

Taýýarlan Tyalla HALAPOWA,
Aşgabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.