Galkynyşly döwürde bagtyýar ýaşaýyş gül açýar

17 Awgust 2023
872

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş maşgalalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin edilýän aladalar hemmeleriň göwnüni göterýär. Sakasynda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz durýan tutumlar bu gün täze dörän maşgalalary Gün kibi çoýýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda toýlarymyz toýa ulaşyp, döwletli Diýarymyzda her gün täze maşgalalaryň onlarçasynyň binýady tutulýar. Şanly ýylda diňe biziň edaramyz tarapyndan täze baglaşylan nikalaryň 1500-den gowragy resmileşdirildi. Bu bolsa diňe bir Halaç etrabynda şu ýylyň özünde şonça täze maşgalanyň emele gelendigini görkezýär. Guwandyryjy ýagdaýlaryň ýene biri şu ýylyň geçen döwründe etrabymyz boýunça ýarym müňden gowrak çaganyň dünýä inmegidir.

Akmuhammet GURBANNEPESOW,
Halaç etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň müdiri.