Deňiz kenaryndaky şypahana merjeni

17 Awgust 2023
697

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan ägirt uly özgertmeler halkymyz üçin mynasyp durmuş şertlerini döretmäge gönükdirildi. Peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki wagtda hem raýatlaryň beden saglygyny, ruhy taýdan kämilligini üpjün etmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak döwlet derejesindäki baş wezipeleriň hatarynda durýar. Watandaşlarymyzyň sagdyn hem-de ruhubelent ýaşamagy, işlemegi we sapaly dynç almagy babatda döredilýän şertler «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň dabaralanmasydyr. Bu buýsançly hakykata ýurdumyzyň günbatar sebitinde üstünlikli amala aşyrylan we mynasyp dowamat tapýan beýik işlere nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň.

Öňden hereket edýän bölümleriniň durky düýpli täzelenen, türkmen tebigatynyň täsin gudratlarynyň biri hökmünde tutuş dünýäde ykrar edilýän «Mollagara», häzirki zaman ülňülerine kybap derejede gurlan «Awaza» şypahanalarynda merdana hem agzybir halkymyza döwrebap hyzmat edilýär. Ady agzalan şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkden tutulmagy watandaşlarymyzyň we bu ýerlere gelýän daşary ýurtlularyň sapaly dynç alşa hem-de şypahana bejergisine bolan zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň häzirki günlerinde bolsa «Awaza» şypahanasynda alnyp barylýan işler has-da gyzgalaňly häsiýete eýe.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.