Gözelligiň baky keşbi

16 Awgust 2023
443

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň pähim-paýhasy bilen müňýyllyklaryň içinden geçip, kämilleşip gelen medeni mirasymyz has-da dabaralanýar, çuňňur öwrenilýär we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyk hökmünde wasp edilýär. Çeper elli ene-mamalarymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halylaryna salnan nagyşlaryň asyl nusgasyny ýitirmän, nesilden-nesle geçirip, her çitimine tükeniksiz yhlas siňdirip, halyny sungat derejesine ýetiripdirler. Türkmen sährasynyň gözelligini, al-ýaşyl güllere beslenen dag-düzüni nagyşlaryň üsti bilen beýan edipdirler.

Haly halkymyzyň arzuw-umytlarynyň, inçe duýgularynyň älemgoşar ýaly öwüşgin salýan lälesidir. Ol jadyly reňkleriň dili bilen ýazylan ýürek ýazgysydyr. Ýüň, ýüpek, nah ýüplükler ýerlikli ulanylyp, sünnälenilip, halyçylaryň dilinde aýtsak, «sypamy ýetirilip» dokalan halylarymyz nagyşlaryň, reňkleriň, çitimleriň birliginde-bitewüliginde döredilen mukamdyr. Bu gün türkmen halysynyň gölleriniň şekili halkyň bitewüligini aňladyp, ýaşyl Tugumyzyň keşbini bezeýär.

Şatlyk ILMYRADOW,
çagyryş boýunça harby gullugyň kiçi seržanty.