Mähir siňen nepislik

16 Awgust 2023
681

Zenanlarymyzyň gözel dünýäsini has-da gözelleşdirýän el hünäri sungat derejesine ýetirilen özboluşly mekdepdir. Galkynyşly döwrümizde türkmen gelin-gyzlarynyň ellerinden çykýan nusgalyk işler dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Inçe el senetleri gyzlarymyzyň kiçilikden öwrenýän hünäri bolup, eneden-gyza nesilme-nesil geçip gelýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat eje özüniň manyly ömrüni nesil terbiýesine we gelin-gyzlaryň asyrlar aşyp gelýän el hünäriniň ösdürilmegine, kämilleşdirilmegine bagyşlady.
Ogulabat ejäniň baldyzynyň durmuş toýuna niýetläp, çeper elleri bilen sünnäläp bejeren kürtesi hem-de ören joraby Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylyp, olar türkmen senetçiliginiň naýbaşy nusgalary hökmünde muzeý gymmatlyklaryna öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň agtyklary bilen bilelikde baryp, Gahryman Arkadagymyzyň mähriban käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi Ogulabat ejäniň öz eli bilen sünnäläp taýýarlan we nesillere miras goýan alajalaryny we alaja taýýarlamakda ulanan iş guralyny bu muzeýe tabşyrmagy täze taryhymyzdaky ajaýyp wakalaryň biri bolup, kalplarymyza iň ýakymly duýgulary peşgeş berdi.

Häzirki wagtda halkymyzyň medeni mirasyna, milli däp-dessurlaryna uly ähmiýet berilýär. Ene-mamalarymyzyň döreden ajaýyp el işleriniň üstünden ençeme asyr geçse-de, olaryň asyl nusgalary, çeperçilik aýratynlyklary ýitirilmän, döwrebap äheňde kämilleşdirilip dowam etdirilýär. Türkmen senetçilik sungatynda möhüm orun alan alaja hem milli mirasymyzyň nusgalyk gymmatlygydyr. Ene-mamalarymyz bala-çagalarynyň boýnuna, goşaryna alaja dakypdyrlar. Alajalary adatça ak we gara sapaklardan işipdirler. Bu bolsa gije bilen gündiziň sazlaşygynyň aýdyň beýany bolup, halkymyz onuň nämährem nazarlardan goraýandygyna berk ynanypdyr. Alaja sallançakbag, gundagbag üçin hem ulanylypdyr. Öýüniň gapysyna, türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atyna, hojalykda ulanýan zähmet gurallaryna, sygyr, düýe ýaly öý mallaryna hem alaja dakmak halkymyzyň asylly däbine öwrülipdir. Däp-dessurlarymyza, milliligimize uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň ören alajalaryny halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýoluny dowam etdirip, özüniň ýyndam bedewleriniň boýnuna dakandygynyň hem biz ençeme gezek şaýady bolduk.

Meretbibi Döwletowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň maliýe-ykdysady bölüminiň esasy hünärmeni.