Medeni miras — ebedi miras

16 Awgust 2023
314

Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň, ýol-ýörelgelerimiziň ylmy esasda öwrenilmegi, döwrebap kämilleşdirilmegi, goralyp saklanylmagy we geljekki nesillere ýetirilmegi üçin häzirki wagtda köp işler durmuşa geçirilip, bu babatda muzeýlere uly orun degişlidir.

Taryhy-medeni mirasymyzy goramak, aýawly saklamak, halkymyzyň taryhyny ylmy taýdan öwrenmek hem-de wagyz etmek işine biziň muzeýimiz hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Biz — muzeý işgärleri milli gymmatlyklarymyzy halkymyza ýetirmekde, bu ugurdaky işleriň täzeçe usullaryny durmuşa ornaşdyrmakda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Muzeýimizde guralýan baý many-mazmunly sergileriň medeni mirasymyzy wagyz etmekde aýratyn uly orna eýedigini bellemek gerek.

Bahar Arazmedowa,
Türkmenbaşy şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.