Öňüni alyş çäreleri

16 Awgust 2023
557

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berlen, halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş hem-de atçylyk sport toplumlarynyň halkyň hyzmatyndadygy buýsanç bilen bellärliklidir. Sagdyn durmuş ýörelgeleri adamyň saglygyny gorap, uzak ýaşamagyny üpjün etmegiň zerur bolan ygtybarly usuly hasap edilýär.

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatynda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem sagdyn jemgyýeti gurmaga gönükdirilendir. Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde hassahanamyzyň lukmanlarynyň guramagynda hem şeýle çäreleriň giň toplumy yzygiderli geçirilip, olarda keselleri irki döwürde anyklamak we degişli bejergileri almak dogrusynda degerli maslahatlar berilýär.

Atajan KOÇKAROW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň bölüm müdiri.