Çeýe hereketleriň ussady

16 Awgust 2023
597

Sahna — jadyly meýdança. Üns berýän bolsaňyz, islendik konsert bolsun ýa festiwal, tapawudy ýok, sahnanyň baş gahrymanlarynyň biri hökman tapawutlanyp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanýandyr. Bu şu ýylyň iýun aýynda geçirilen «Awaza — 2023» halkara tans we folklor festiwalynyň açylyş dabarasynyň ajaýyp sahnasy babatda-da şeýle boldy.

Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň «Akja ýar» folklor toparynyň agzasy, Sary daýza ady bilen tanalýan Ogulbäbek Halmämmedowa ýaşynyň segsenden agandygyna garamazdan, sahnada ýeňil gopup, muşdaklaryny haýrana goýup, şägirtlerine uly görelde görkezýär. Ýörän ýoly ýörelge, eden işi nusgalyk bu mährem ene dostluk festiwalyna diýseň taýýarlykly gelipdir. Onuň ýerine ýetiren çalasyndan çeýe hereketleri tomaşaçylaryň gözünden sypmaýşy ýaly, şowhunly dowam edýän festiwaldan täzelik gözläp ýören žurnalisti hem deňinden biperwaý geçirmedi.

Çaryguly HANJAÝEW.
«Türkmenistan».