Dana şahyryň döredijiligi — dünýä edebiýatynyň aýrylmaz bölegi

15 Awgust 2023
321

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2022-nji ýylyň noýabryndaky mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edildi. Şonda dana şahyryň diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem, tutuş türki dünýäsi üçin umumy gymmatlykdygy bellenildi. 2024-nji ýylda Türkmenistan beýik filosof we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden bellär.

Şu ýylyň maý aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Magtymgulynyň golýazmalar toplumyny «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüt kabul edildi. ÝUNESKO-nyň Ýerine Ýetiriji geňeşi 2023-nji ýylyň 10-24-nji maýy aralygynda ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda geçirilen 216-njy mejlisinde täze resmi miras obýektleri baradaky arzalary tassyklady, kararlar halkara maslahaty komiteti tarapyndan dünýä sanawyna girizilmegi üçin kabul edildi.

Ejebaý ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri.