Diýarymyz polşaly suratkeşiň eserlerinde

4 Awgust 2023
270

Düýn Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergi «Türkmenistan polşaly suratkeşiň gözi bilen» diýlip atlandyryldy. Sergide Polşa Respublikasynyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy Ioanna Galeskanyň 25 sany nakgaşlyk we grafika eserleri görkezilýär. Olaryň arasynda suratkeşiň «Gyzyl suwuň ýanynda», «Bebži derýasynyň peýzažlary», «Aşgabat bazary», «Felisiýanyň topragy», «Günler we gije» ýaly eserleri bar.

Ioanna Galeska dünýäniň köp ýurtlarynda öz şahsy sergilerini yzygiderli guraýar. Ol biziň ýurdumyzda hem öz eserleriniň ilkinji sergisini 2001-nji ýylda gurady. Onuň döreden eserlerinde halkymyzyň bagtyýar durmuşy, milli gymmatlyklary hem däp-dessurlary dürli reňk öwüşginleriniň sazlaşygynda beýan edilýär. Aýratyn bellemeli tarapy: onuň pastel usulynda döreden eserlerindäki her bir keşp dürli reňkleriň üsti bilen düzülipdir. Suratkeşiň eserlerinde türkmen gelin-gyzlarynyň wasp edilişi bolsa has-da haýrana goýýar.

Aýjemal OMAROWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Maksat GYLYJOW.