Şypahanalarymyzdaky döwrebap mümkinçilikler

3 Awgust 2023
362

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şypahanalarynyň raýatlarymyza we dünýä ýurtlaryndan gelýän myhmanlara   hödürleýän kämil, döwrebap hyzmatlary Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny dabaralandyrýar.

Munuň şeýledigini tomus paslynda dynç alyşda bolýan ildeşlerimiziň ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda, syýahatçylyk maksatly ýerlerde wagtlaryny sapaly geçirýändikleri hakyndaky buýsançly gürrüňlerinden hem aýdyň görmek bolýar. Alym Arkadagymyz «Türkmenistan — melhemler mekany» atly eserinde: «Biziň ýurdumyzyň her bir welaýaty ajaýyp sagaldyş merkezlerine eýedir, olar ilatyň saglygynyň we uzak ömürliliginiň hatyrasyna hyzmat etmäge niýetlenendir» diýip, ýurdumyzyň şypahanalarynyň adam saglygyny berkitmekdäki ähmiýetini nygtaýar. 

Göwher SAPARGULYÝEWA,
Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy.