Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

2 Awgust 2023
708

Täsirli şekilleri kagyza geçirmegiň özboluşly hysyrdysy, kynçylygy bar. Onuň üçin ýiti zehin, ukyp-başarnyk, irginsiz yhlas gerek. Ine, dürli reňkleriň üsti bilen täsin şekilleri kagyz ýüzünde şöhlelendirýän jigilerimiziň çeken suratlaryny synlanymyzda, olaryň özboluşly zehine, ukyp-başarnyga eýedigine göz ýetirýäris. Biz «Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi» atly sahypamyzyň bu gezekki sanynda Mary şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň bize çekip ýollan suratlaryny size hödürlemegi makul bildik.