Sagdynlyga çagyryş belentden ýaňlanýar

2 Awgust 2023
617

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, sagdyn, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni has-da giň gerime eýe etmek, sporty ösdürmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatdaky işlere aýratyn uly üns berilýändigi guwandyrýan, buýsandyrýan ýagdaýdyr. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we bu günki gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde eziz Watanymyz sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň döwri bolup dabaralanýar.

Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleri hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize has-da mäkäm ornaşdyrmak, raýatlaryň arasynda sporta we bedenterbiýä bolan söýgini artdyrmak boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri şolaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär we olarda ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesine eýermäge, zyýanly endiklerden daşda bolup, sport bilen yzygiderli meşgullanmaga, sagdyn bedenli hem sagdyn ruhly bolmaga çagyryşlar belentden ýaňlanýar.

Annamämmet Annamämmedow,
welaýat Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň müdiri.