Owazlar ýaňlandy şirwan perdeden

2 Awgust 2023
436

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň welaýatymyz boýunça jemleýji tapgyry milli aýdym-saz sungatyna höwesli ýaşlaryň barha köpelýändigini aýdyň görkezdi. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda geçirilen bäsleşige welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen bagşy-sazandalar gatnaşdylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny nusgalyk ösüşlere besläp, naýbaşy derejä çykarýan hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalaryndan, taýsyz tagallalaryndan ruhlanan ýaş bagşy-sazandalar bäsleşige has taýýarlykly gelipdirler. Olar bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, türkmen halk aýdymlaryny hem-de halk sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Muhammmetgylyç Tagangylyjow.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».