Saglygymyzy goramak öz elimizde

2 Awgust 2023
314

Ýürek-damar keselleri her hili ýagdaýlara görä ýüze çykyp bilýär. Olar howply keselleriň hatarynda bolup, ondan goranmak her birimiziň öz elimizdedir.

Ýürek-damar keselleriniň biri hem gipertoniýadyr. Ol artykmaç agram, çilim çekmek, zyýanly endikler, dartgynly ýagdaýlar, endokrin mäzleriniň işiniň bozulmagy, böwregüsti mäzleriň keselleri zerarly ýüze çykýar. Gipertoniýa alamatsyz döreýän, möwjeýän görnüşli kesel bolup, wagtyň geçmegi bilen, ýürek myşsalarynda, beýnide gaýrüzülmeleriň ýüze çykmagyna getirýär.