Lawr ýapragy barada

2 Awgust 2023
479

Lawr ýapragy iýmitdir bejergi maksatlarynda ulanylýan hoşboý ysly otlaryň iň gadymysydyr. Dürli maddalara baý bolan lawr ýapragynyň adam bedenine peýdasy örän uludyr. Ondaky antioksidantlar we sowuklama garşy göreşiji maddalar dürli keselleriň öňüni almakda hem-de bejermekde diýseň täsirlidir. Derä ýeten zeperleri tiz gutuldyryjy häsiýeti sebäpli ol kosmetiki maksatlarda-da giňden ulanylýar.

Amerikan alymlarynyň geçiren barlaglary lawr ýapragynyň iýmit we dermanlyk içgi hökmünde ganyň düzümindäki insuliniň işjeňligini ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Sebäbi bu ösümligiň düzüminde hrom köpdür. Insuliniň işjeňliginiň artmagynyň täsiri netijesinde-de ganyň düzümindäki süýjiniň derejesi pese gaçýar.

Serdar EREŞOW,
welaýat onkologiýa hassahanasynyň lukmany.